Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemen: Hytaýlylar ewakuasiýa edildi


Hytaýyň Goranmak ministrligi Pekiniň uruş gämileriniň Ýemendäki hytaý raýatlaryny ewakuasiýa etmegi tamamlandygyny habar berýär. 570-den gowrak adam öýlerine - Hytaýa dolanmak üçin Gyzyl deňziniň üsti bilen demirgazyk-gündogar Afrikadaky Djiboutä alnyp baryldy.

Ministrligiň beýanatynda aýdylmagyna görä, hytaý raýatlary iki bölege bölünip ewakuasiýa edilipdir. Olaryň bir bölegi Aden, beýlekisi Hodeýdah şäherinden alnyp gidilipdir.

Şeýle-de, maglumatda Ýemenden hytaý raýatlary bilen birlikde başga-da sekiz daşary ýurt raýatynyň ewakuasiýa edilendigi mälim edilýär. Emma olaryň haýsy ýurduň raýatydygy barada takyk maglumat berilmeýär.

Pekin sebitden hytaý raýatlaryny ewakuasiýa etmek çäresiniň tamamlanmagy bilen, Hytaýyň uruş gämileriniň Somali garakçylaryna garşy alnyp barylýan operasiýalara ýardam bermek üçin Aden aýlagyna dolanjakdygyny aýtdy.

Ýemende 10 sünni arap döwletlerinden ybarat Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa Eýran tarapyndan goldanylýan şaýy Huti pitneçilerine garşy howa zarbalaryny amala aşyryp başlandan soň, Hytaý Ýemenden öz raýatlaryny ewakuasiýa etmek çäresine başlapdy.

XS
SM
MD
LG