Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Hukuk goraýjy toparyň lideri jaýyndan çykaryldy


Russiýa: Hukuk goraýjy toparynyň lideriniň emlägi ele geçirildi

Russiýanyň polisiýasy saýlaw hukuklary boýunça “Golos” atly garaşsyz toparyň regional liderini salgyt galplyklary işi bilen ilteşikli zor bilen jaýyndan çykaryldy we onuň beýleki bir emlägini konfiskasiýa etdi.

Lýudmila Kuzmina özüne garşy ýöňkelýän aýyplamalaryň syýasy maksatlydygyny aýdýar. Kuzminanyň 30-njy martda Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Samaradaky Wolga şäheriniň derňewçileri ony zor bilen öz jaýyndan çykaryp, awtoulagyny saklap galypdyr.

Russiýanyň hukuk goraýjy organlarynyň resmileri “Golos” atly toparyň Samara regionyndaky bölüminiň azyndan 2 million salgyt karzyny tölemelidigini aýdýarlar.

“Golos” atly topar ençeme ýyl bäri hökümet tarapyndan edilýän basyşlar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

XS
SM
MD
LG