Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek topary owgan esgeriniň kellesini kesdi


Demirgazyk Owganystanda özbek söweşijileriniň topary “Yslam döwleti” atly ekstremist topara özleriniň ygrarlydygyny aýtdylar. Olar özleriniň “Özbegistanyň Yslam hereketi” atly topara degişlidigini öňe sürýärler.

Özüni Sadulla Urgenji diýip tanadan adam “Özbegistanyň Yslam hereketi” atly topar mundan beýläk “Talyban” hereketiniň 13 ýyl bäri köpçülikde görünmeýän lideri Mullah Omary lider diýip ykrar etmeýär we “şerigatyň kanunlaryna laýyklykda” ol mundan beýläk lider bolup bilmeýär diýdi.

Urgenji öz toparynyň “Yslam döwleti” atly toparyň lideri Abu Bakr al-Bagdadiniň häkimiýetini ykrar edýändigini belledi.

Şeýle-de, bu topar öz agzalarynyň owgan esgeriniň kellesini kesýändigini görkezýän wideo ýazgyny ýaýratdy. Şol bir wagtyň özünde Urgenji, ýakynda Farýap welaýatynda owgan güýçleriniň “Özbegistanyň Yslam hereketi” atly toparyň birnäçe zenan agzasyny tussag edendigini we munuň deregine özleriniň 30 sany owgan esgerini alyp gaçandygyny nygtady.

XS
SM
MD
LG