Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Sanksiýalary ýatyrmak mümkinçiligi


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Buşehr atom energiýa stansiýasyna sapar edýär, 13-nji ýanwar, 2015

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Buşehr atom energiýa stansiýasyna sapar edýär, 13-nji ýanwar, 2015

Eýran soňky 35 ýylyň dowamynda ykdysady we harby sanksiýalaryň ençemesiniň nyşanyna öwrüldi. Ol sanksiýalar Tährany halkara terrorçylygy goldamakdan el çekmäge mejbur etmek, ýurtda adam hukuklarynyň gowulanmagyny gazanmak maksadyna gönükdirilipdi. Galyberse-de, ol sanksiýalaryň girizilmegi Günbataryň Eýranyň ýadro ýaragyny döretmeginden howatyrlanmasy bilen-de baglydy.

Häzir Eýranyň dünýäniň täsirli döwletleri bilen arada ýadro ylalaşygyny baglaşmak ähtimallygy döredi. Bu bolsa, kän ýyllardan bäri dowam edip gelýän sanksiýalaryň gowşadylmagyna ýol açyp, onuň agzalýan ylalaşygyň bir bölegine öwrülmegine mümkinçilik döredýär.

Şu ýerde Eýrana garşy girizilen sanskiýalaryň görnüşleri, olaryň kim tarapyndan girizilendigi we olaryň näderejede aňsat aradan aýrylyp bilinjekdigi barada.

ABŞ-nyň sanksiýalarynyň ugurlary

ABŞ-nyň sanksiýalary girizmeginiň iki ýoly bar: olar Kongresiň kanunlaşdyrmagy we prezidentiň tabşyrygy bilen amala aşyrylýar. Eýrana degişli köp sanksiýa hökümetiň tabşyrygy bilen girizilipdi.

1990-njy ýyllardan bäri ABŞ-nyň Kongresiniň Eýran babatynda kabul eden sanksiýalary ýadro ýaragynyň ýaýbaňlanmagy, adam hukuklarynyň depelenmegi we bikanun pullaryň ýuwulmagy bilen bagly aladalanmalar bilen bagly bolupdy. Bu sanksiýalar bar zada, harby söwdadan başlap Eýranyň energiýa pudagyna we banklaryna çenli zarba urdy.

2010-njy ýylda Eýrana garşy girizilen köptaraplaýyn sanksiýalar Eýrana eksportyň we Eýrandan importyň aglaba bölegini gadagan etdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jimmy Karter 1979-njy ýylda ilkinji hökümet permanyny çykaryp, Eýranyň hökümetiniň ABŞ-daky emlägini böwetledi. Ondan soňky prezidentler, şol sanda Ronald Reýgan, Bill Klinton, George Buş we Barak Obama Eýrana garşy sanksiýalara degişli hökümet permanlaryny çykarypdy.

ABŞ-nyň sanksiýalary

ABŞ-nyň we Eýranyň arasyndaky gatnaşyklar 1979-njy ýylyň Yslam rewolýusiýasy bilen baglylykda, aýratynam Eýrandaky zamun alyşlyk krizisi bilen baglylykda çürt-kesik

ýaramazlaşypdy. 1979-njy ýylyň 4-nji noýabrynda ABŞ-nyň Tährandaky ilçihanasynda 52 sany amerikalynyň zamun alynmagy ABŞ-nyň prezidenti Jimmy Karteri Eýrana garşy ilkinji sanksiýany girizmäge mejbur etdi. Eýranyň ABŞ-daky, şeýle-de, ABŞ-nyň daşyndaky amerikan guramalaryndaky ähli hasaplary doňduryldy. Netijede Eýranyň 12 milliard dollarlyk emlägine elýeterliligi kesildi.

ABŞ-nyň ýatyrylan sanksiýalary

Taryha göz aýlasak, ABŞ-nyň Kongresi we prezidenti, “ýagdaýyň üýtgemegine görä, ykdysady sanksiýalary girizmek we gowşatmak” üçin mümkinçiligiň bolmagynyň ähmiýetini nygtap gelýärler.

ABŞ-nyň prezidenti hökümet permanyny ýatyryp bilýär.

ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan kabul edilen sanksiýalar kanunlarynyň aglaba köpüsi hem prezident tarapyndan ret edilip bilinýär.

Sanksiýalar kanunlarynyň doly ýatyrylmagy Kongresiň ses bermegini talap edýär.

Dawaly pursatlar

Obamanyň administrasiýasyndaky resmiler, ylalaşyga gelnen halatynda prezident administrasiýasynyň sanksiýalar kanunlaryny duruzmaga hukugynyň bardygyny belläp, bu babatda Kongresiň ses bermegine hemişe garaşylmandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda-da Kongresiň ençeme agzasy ylalaşyk güýje girýänçä ses berişlik geçirmegi isleýärler.

BMG-niň sanksiýalary

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Eýranyň ýadro programmasy bilen baglylykda 2006-njy ýyldan bäri sanksiýalary girizýär. Ýadro degişli serişdeleriň importy gadagan edilýär we Eýranyň programmalaryna gatnaşygy bolan şahslaryň we guramalaryň hasaplary doňdurylýar.

2007-nji we 2008-nji ýyllarda girizilen sanksiýalar ýarag söwdasyna we sanksiýalar sanawyna girizilen adamlaryň syýahat etmegine gadagançylygy öz içine alýar.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi sanksiýalary ýatyrmak üçin rezolýusiýany kabul etmeli.

“The Wall Street Journal” neşiriniň ýazmagyna görä, gepleşikleriň 20-nji martdaky tapgyrynda Eýran, ylalaşyk boýunça netijä gelnen badyna, sanksiýalaryň ýatyrylmagyny talap edipdir. Ýöne bu gepleşklere Günbataryň tarapyndan gatnaşyjylar Waşingtonyň we Brýusseliň girizen birtaraplaýyn sanksiýalarynyň derhal ýatyrylmagy mümkin bolsa-da, BMG-niň sanksiýalarynyň ýatyrylmagynyň ýyllara çekmeginiň ähtimaldygyny belleýärler.

Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalary

ÝB BMG-niň sanksiýalaryny berjaý etdi we Eýranyň ýadro programmasy boýunça öz sanksiýalaryny girizdi. 2010-njy ýylda kabul edilen sanksiýalar Eýranyň energiýa pudagyna maýa goýulmagyny we ýardam berilmegini gadagan edýär. ÝB goşa maksatly ulanyp bolýan tehnologiýalara, nebit-gaza gadagançylyk girizdi we 2012-nji ýylda maliýe çäklendirmelerini girizdi.

Ylalaşyga gelnenden soň sanksiýalary ýatyrmak çäresi ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary derejeli wekili Federika Mogherini tarapyndan teklip edilmeli we ÝB-niň Daşary gatnaşyklar geňeşinde 28 agza ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda maslahat edilmeli.

XS
SM
MD
LG