Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ukraina orsýet gazyny 250$ satyn almakçy


Ukrainanyň energiýa ministri Wolodymyr Demçyşyn öz ýurdunyň häzir Orsýetiň Gazprom kompaniýasyndan gaz satyn almaýandygyny aýtdy we gazyň her müň kubometriniň bahasy 250 amerikan dollary derejesinde makullanan ýagdaýynda gaz satyn almagyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Demçyşynyň 1-nji aprelde Kiýewde aýtmagyna görä, Ukraina Orsýet bilen 2016-njy ýylyň mart aýyna çenli gaz üpjünçiligi barada memoranduma iki hepdäniň dowamynda gol çekmekçi.

Ukrainanyň öňe süren bahasy bilen Orsýetiň ylalaşyp-ylalaşmandygy derhal mälim edilmedi.

Gazprom ýylyň birinji çärýeginde Ukrainanyň gazyň her müň kubometrini 329 dollardan satyn alandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG