Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Krym tatarlarynyň telekanaly ýapyldy


Studentler ATR telekanalyna goldaw bildirip, suduň geçýän ýerinde durlar, Simferopol, 1-nji aprel, 2015

Studentler ATR telekanalyna goldaw bildirip, suduň geçýän ýerinde durlar, Simferopol, 1-nji aprel, 2015

Ukrainanyň anneksiýa edilen Krym ýarym adasynda krym tatarlarynyň dilinde gepleşik berýän ýeke-täk telewizion kanal öz işini togtatdy.

ATR telekanalynyň eýeleri öz media serişdesini Orsýetiň kanunlaryna laýyklykda hasaba goýdurmak boýunça ençeme tagallasynyň dürli sebäplerden ret edilendigini aýtdy.

Şu çaka çenli Ukrainanyň rugsatnamasy esasynda işlän telekanalyň registrasiýa edilmegi üçin soňky wagt möhleti 31-nji martda doldy.

Şeýle-de ATM media kompaniýasynyň düzümine “Meýdan” we “Lider” atly FM radiostansiýalar, çagalar üçin “Läle” atly telekanal hem täzelikler websaýty girýär.

31-nji aprelde “Amnesty International” guramasy krym tatarlarynyň telekanalynyň ýapylmagyny “söz azatlygyna gödek basyş” diýip atlandyrdy we munuň “garaşsyz mediany dymdyrmak, başga pikirliligi basyp ýatyrmak we Krym tatarlarynyň jemgyýetini gorkuzmak” boýunça synanyşyk diýip häsiýetlendirdi.

Aktiwistler 2014-nji ýylyň mart aýynda Orsýetiň Krymy Ukrainadan bölüp öz düzümine goşmagyndan soň krym tatarlarynyň kemsitmelere we basyşa sezewar edilýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG