Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Sabyrly diplomatiýa has netijeli


Riçard Hoagland
Riçard Hoagland

ABŞ-nyň baş diplomaty Merkezi Aziýada adam hukuklary ýaly meseleler boýunça öňegidişligi gazanmak tagallalarynda “sabyrly” diplomatiýanyň sanksiýalardan we “at tutup tankytlamakdan” has netijelidigini aýtdy.

“Bu şol ýurtlardaky pikirdeşler bilen gatnaşyk gurmak ugrunda işleşmegi gowulandyrmaklyga esaslanýar... soň olar öz ýolbaşçylarynyň öňünde öz garaýyşlaryny gorap bilerler”, diýip ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Riçard Hoagland 30-njy martda Waşingtonda eden çykyşynda aýtdy.

Hoaglandyň bu çykyşy ABŞ-nyň Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýasyny şu hepdede durmuşa geçirip başlamagy bilen baglylykda edildi. Adam hukuklaryna gözegçilik edýän guramalar we Günbatar resmileri Merkezi Aziýanyň hökümetlerini adam hukuklaryny äsgermezlik bilen baglylykda tankyt edýärler.

XS
SM
MD
LG