Sepleriň elýeterliligi

AI: Ölüm jezasy köpelýär


"Amnesty International" guramasynyň tarapdarlarynyň Belarusda ölüm jezasyna garşy protest aksiýasy, Şweýsariýa

"Amnesty International" guramasynyň tarapdarlarynyň Belarusda ölüm jezasyna garşy protest aksiýasy, Şweýsariýa

“Amnesty International” guramasy hökümetleriň jenaýatçylyga we terrorçylyga garşy göreşmekde, şeýle-de içerki durnuklylygy üpjün etmekde iň ýokary jezany ulanmagy sebäpli, dünýäde ölüm jezasyna höküm edilenleriň sanynyň 2014-nji ýylda çürt-kesik köpelendigini aýdýär.

Guramanyň 1-nji aprelde çap eden hasabatyna laýyklykda, 2014-nji ýylda 55 ýurtda ölüm jezasy bilen bagly azyndan 2466 waka hasaba alnypdyr.

Bu san ozalky ýyl bilen deňeşdirilende 25% ýokary. “Amnesty International” guramasynyň 2013-nji ýylda 57 ýurtda ölüm jezasy bilen bagly 1925 wakany hasaba alypdy.

Hökümete degişli bolmadyk bu gurama Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika regiony boýunça hasaba alnan ölüm jezasynyň 90% Saud Arabystana we Eýrana degişli.

Ýewropada we postsowet regionynda ölüm jezasyny ýatyrmadyk we wagtlaýyn gadagançylyk girizmedik ýeke-täk ýurt bolan Belarusda 2014-nji ýylda azyndan üç adam jezalandyrylypdyr.

XS
SM
MD
LG