Sepleriň elýeterliligi

Ors zenan gazaklary kemsitmekde aýyplandy


Gazagystanyň sudy gazaklaryň adyna kemsidiji sözleri we ýurduň Orsýetiň bölegi bolmalydygyny aýdan etnik ors zenany etnikara duşmançylygy tutaşdyrmakda günäli tapdy.

31-nji martda karar çykarmak bilen tamamlanan sud diňlenişigi Orsýetiň Ukraina goşulyşmagy bilen baglylykda Gazagystanyň howpsuzlygyna bildirilýän aladalanmalaryň üstüni açdy.

Almatynyň sudunyň çykaran kararyna laýyklykda, Gazagystanyň raýaty Tatýana Şewtsowa-Walowa dört ýyllyk şertli tussaglyga höküm edilýär.

Derňewçileriň aýtmagyna görä, zenan Facebookdaky sahypasynda gazaklary kemsidiji söz bilen häsiýetlendiripdir we Gazagystanyň Orsýetiň bölegi bolmalydygyny aýdypdyr. Zenanyň özi günäni ret edýär.

XS
SM
MD
LG