Sepleriň elýeterliligi

AI: Ölüm jezasy juda artdy


Amnesty International guramasy 2014-nji ýylda bütin dünýä boýunça ölüm jezasyna höküm edilen adamlaryň sanynyň gaty artandygyny habar berýär.

Amnesty International guramasy 2014-nji ýylda bütin dünýä boýunça ölüm jezasyna höküm edilen adamlaryň sanynyň gaty artandygyny habar berýär.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän Amnesty International guramasy 2014-nji ýylda bütin dünýä boýunça ölüm jezasyna höküm edilen adamlaryň sanynyň juda artandygyny habar berýär. Gürrüňi gidýän toparyň maglumatyna görä, hökümetleriň jenaýatçylyga, uruş terrorçylygyna we içki durnuksyzlyga garşy göreşmek üçin ulanan ölüm jezasy iş ýüzünde “zyýanlykly temmi bolupdyr”.

Düýbi Londonda ýerleşýän adam hukuklaryny gorap çykyş edýän bu toparyň 1-nji aprelde ýaýradan raportynda aýdylmagyna görä, 2014-nji ýylyň dowamynda jemi 55 ýurtda azyndan 2 466 adamyň ölüm jezasyna höküm edilendigi hasaba alyndy.

Bu bolsa ölüm jezasynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 25% çemesi artandygyny aňladýar. 2013-nji ýylda Amnesty International guramasy dünýäniň 57 ýurdunda 1 925 adamyň ölüm jezasyna höküm edilendigini hasaba alypdy.

Dardan asylanlaryň sany 22%-e golaý kemeldi

Şol bir wagtyň özünde “Ölüm jezasy 2014” atly täze hasabatda ölüm jezasyna höküm edilip, dardan asylanlaryň sanynyň 22%-e golaý kemelendigi bellenilýär.

Hökümete degişli däl bu guramanyň maglumatyna görä, Eýran, Saud Arabystany we Yrak Ýakyn Gündogary we Demirgazyk Afrikany öz içine alýan regionda ölüm jezasyna höküm edilendigi hasaba alnan adamlaryň 90%-ini dardan asdy.

Maglumatda ölüm jezasyny ýatyrmadyk ýa-da oňa moratoriý girizmedik postsowet ýurdy we Ýewropanyň çägindäki ýeke-täk ýurt Belarusyň 2014-nji ýylyň dowamynda azyndan üç adamy dardan asandygy bellenilýär. Hasabatda bu çäräniň gizlinlikde amala aşyrylandygy we bu barada tussag dardan asylandan soň, onuň maşgala agzalaryna we aklawçylaryna habar berlendigi nygtalýar.

Galyberse-de, maglumatda ölüm jezasyna höküm edilendigi baradaky kararlaryň aglabasynyň adalatly halkara sud standartlaryna gabat gelmeýän sud proseslerinde çykarylandygy aýdylýar.

Eýran ikinji orunda

Hasabatda 2014-nji ýylda Eýranda 289 adamyň ölüm jezasyna höküm edilendigi resmi taýdan mälim edilendigi we häkimiýetler tarapyndan tassyklanmasa-da, başga-da ýene 454 adamyň ölüm jezasyna höküm edilendigi bellenilýär. Eýran bu görkeziji esasynda, ölüm jezasyna höküm edilen adamlaryň sany boýunça, Hytaýdan soň ikinji orunda ýerleşdirilýär.

“Biz Eýranyň häkimiýetleriniň adamy ölüm jezasyna höküm etmek çäresini gizlinlikde amala aşyrýandygyna ynanýarys” diýip, Amnesty International guramasynyň adwokaty we Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Afrikanyň Saharadan günorta regiony boýunça maslahatçysy Oluwatosin Popoola Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda belledi.

“Eýranyň häkimiýetleri ölüm jezasyna höküm edilen adamlaryň ählisi barada degişli maglumatlary tassyklamaýarlar, emma ynamdar çeşmeler, aklawçylar, döwlete degişli däl guramalar ölüm jezasyna höküm edilen, ýöne ölüm jezasyna höküm edilendigi resmi suratda yglan edilmedik adamlar barada maglumat alýarlar” diýip, Popoola aýtdy.

Hytaý bütin dünýäde birinji

Amnesty International guramasynyň adwokaty, Amerika hem-de Aziýa weÝuwaş okeany ýurtlarynda adamlaryň ölüm jezasyna uçradylmagyny öwrenmek boýunça maslahatçysy Chiara Sangiorgio Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda: “Hytaý [bütin dünýäde] ölüm jezasyna höküm edilýän adamlaryň sany boýunça iň birinji orunda saklanyp galýar we [geçen ýyllardaky ýaly] dünýäniň ähli beýleki ýurtlaryny bilelikde alanyňdakydan hem köp adamy ölüm jezasy bilen jezalandyrmagy dowam etdirýär” diýdi.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Pakistan, “Talyban” hereketiniň ýurduň Peşawar şäherindäki mekdebe hüjüm etmegi we köpüsi çagalardan ybarat 153 adamy öldürmegi netijesinde, mundan ozal ölüm jezasyna girizilen moratorini, ýagny jezanyň ýerine ýetirilmeginiň wagtlaýyn togtadylmagyny ýatyrdy.

Pakistan dogrusynda aladalanma bildirilýär

“Dekabr aýyndan şu güne çenli Pakistanda 60-dan gowrak adam dardan asyldy we biz has köp adamyň dardan asylyp jezalandyrmak howpuna aladalanma bildirýäris” diýip, Sangiorgio Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda belledi.

Russiýa, Gazagystan we Täjigistan ölüm jezasynyň resmi moratorisini, ýagny wagtlaýyn ýerine ýetirilmesizligini synamagy dowam etdirýärler.

Gurama ölüm jezasyna höküm edilen adamlaryň sanynyň ýiti artmagynyň Müsürdäki özgerişler bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Bu ýurtda 2014-nji ýylda azyndan 509 adamyň ölüm jezasyna höküm edilendigi hasaba alyndy. 2013-nji ýylda bu görkeziji 109 adama deňdi.

Şol bir wagtyň özünde bu topar, 2013-nji ýylda adamy ölüm jezasyna höküm eden ýurtlaryň 2014-nji ýylda bu çäräni amala aşyrmandygyny belleýär. Şol ýurtlaryň arasynda Bangladeş, Botswana, Indoneziýa, Hindistan, Kuweýt, Nigeriýa we Günorta Sudan bar.

Muňa garamazdan, ýedi ýurt, aradan azyndan bir ýyl geçensoň, ölüm jezasy bilen jezalandyrmagy gaýtadan gözden geçirdiler. Olaryň arasynda Belarus, Müsür, Ekwatorial Gwineýa, Iordaniýa, Pakistan, Singapur we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlar bar.

XS
SM
MD
LG