Sepleriň elýeterliligi

Az işläp, has öndürijilikli bolmagyň 6 ugry


Az işläp, has öndürijilikli bolmagyň 6 ugry.

Az işläp, has öndürijilikli bolmagyň 6 ugry.

Bu ugurlary http://www.entrepreneur.com internet sahypasy, soňky ýyllarda geçirilen barlaglaryň netijelerine salgylanyp, halk köpçüligine hödürläpdir.

1. Daşaryk çykyň

Günortan bir käse çaý ýa-da kofe içmegi göz öňünde tutýan bolsaňyz, ony daşardaky dükanlardan alyň – barlaglaryň netijelerine görä, aýaklar ýöräp başlanda we daşarda arassa howadan dem alnan mahaly öndürijilik artýar.

Şonuň ýaly-da barlaglara görä, her 52 minutdan 17 minutlyk arakesme bermek işiň gyzygyny ýokarlandyrýar.

2. Gysga wagtlyk pyýada gezelençler gurnaň

Iş günleri sport bilen meşgullanmak hemişe mümkin bolanok. Şonuň üçinem wagtdan iş duşuşyklaryňyza pyýada ýöräp gidip biler ýaly görnüşde peýdalanyň. Pyýada ýöremegiň ylham ukybyny hasam güýçlendirýändigi barada geçirilen ylmy barlaglar bar.

3. Günortanlygy işdeşiňiz bilen ediniň

Günortan naharyňyzy kompýuteriňiziň üstünde howul-hara iýmäň. Barlaglaryň netijelerine görä, nahary kompýuterden üzňe, bir gyrada işdeşiňiz bilen bilelikde edinmeklik size gaýtadan işe dolanan mahalyňyz has köp peýda getirer.

Nahar üçin iň gowusy ofisiň daşyndaky bir ýeri saýlap alsaňyz gowy bolar.

4. Munuň üçin ýörite goşmaça "app" programmalar hem bar

Kompýuterdäki işiňize arakesme bermekligiň hökmanydygyny size ýatladýan ýörite goşmaça "appilication" programmalar hem bar. "Workrave" we "Big Strech Reminder" atly goşmaça programmalar hökmany suratda sizi işe arakesme bermäge mejbur edip bilýär.

5. Gowy görýän adamlaryňyz bilen söhbet ediň

Iş wagtynda dostuňyz, hossaryňyz, dogan-garyndaşyňyz, gowy görýän adamlaryňyz bilen gysgaça söhbet ediň. Barlaglaryň netijelerine görä, adam şeýle duýgy goltgusyny alan mahaly has az ýadawlyk duýýar.

6. Teswir ýazmagy endik ediniň

Günüň dowamynda ýadawlygy ýeňledýän hereketleriň birem teswir ýazmaklykdyr. Birnäçe minutlyk wagtyňyzy sarp edip, öz duýgylaryňyzy beýan ediň. Alymlaryň aýtmagyna görä, teswir ýazmaklyk ruhy hassalyklary azaldýar we ýady ýiteldýär.

XS
SM
MD
LG