Sepleriň elýeterliligi

BMG: Türkmenistan maýyplar barada hasabat berýär


Maýyplaryň guramasy, Lebap

Maýyplaryň guramasy, Lebap

BMG-niň maýyplaryň hukuklary boýunça komitetinde Türkmenistanyň hasabaty diňlenýär. BMG-niň resmi maglumatyna görä, 1 we 2-nji aprelde iki günüň dowamynda geçirilýän bu maslahatda türkmen delegaiýasy bilen dialog geçirilýär şeýle-de maýyplaryň hukuklaryny goraýan guramalaryň maglumatlary diňlenýär.

Bu diňlenişigi geçýän wagtynda guramanyň resmi websaýtynda göni efirde görüp bolýar.

Türkmenistan Maýyplaryň hukuklary boýunça konwensiýa gol çeken 153 ýurduň biri bolup, öz üstüne alan borçlaryny berjaý edişi barada yzygiderli hasabat bermäge borçly.

Türkmenistanda şu günki gün maýyp bolan adamlar ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň biriniň maýyplyk durumyny almak bilen baglydygyny maýyplaryň özleri aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa Mary welaýatynyň ýaşaýjysy Hurma bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG