Sepleriň elýeterliligi

Dünýäniň iň garry adamy aradan çykdy


Dünýäniň iň garry adamydygyna ynanylýan ýapon zenany Misao Okawa 1-nji aprelde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 117 ýaşynda aradan çykdy. Ol mundan bir aýa golaý wagt öň, ýagny 5-nji martda 117-nji ýaş toýuny belläpdi. Ýaponiýanyň metbugaty Okawanyň garrylykdan aradan çykandygyny habar berýär.

XS
SM
MD
LG