Sepleriň elýeterliligi

Zarif: “Öňe gidişlik bar”, ylalaşyk ýok


Şweýsariýanyň Lazanna şäherinde Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif. 1-nji aprel, 2015 ý.

Şweýsariýanyň Lazanna şäherinde Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif. 1-nji aprel, 2015 ý.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Tähranyň ýadro programmasy boýunça ylalaşyga gelinmegi maksat edinýän gepleşiklerde “möhüm öňe gidişlikleriň” bolandygyny, emma “henize çenli soňky netijä gelinmändigini” aýdýar.

Zarif bu barada, dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň we Eýranyň araçylary agyr ykdysady sanksiýalary gowşatmak şerti bilen, Tähranyň ýadro programmasyny jylawlamak barada baglaşylmaly ylalaşygyň 31-nji marta bellenen soňky möhleti geçendigine garamazdan gepleşikleri dowam etdirenden soň, ýagny 2-nji aprelde mälim etdi.

“Biz gepleşiklerde möhüm öňe gidişlik gazandyk, emma biz gözden geçirilen çözgütler dogrusynda heniz hem ylalaşmadyk” diýip, Zarif gijäň ýary Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen dört sagat dowam eden gepleşikleri geçirenden soň belledi. Şol bir wagtyň özünde kiçi derejeli resmiler hem özaralarynda gepleşikleri geçirdiler.

XS
SM
MD
LG