Sepleriň elýeterliligi

Russiýa: Gämi helakçiliginde 54 adam öldi


Russiýanyň maglumatlarynda 1-nji aprel gijesi Ohotsk deňzindäki Kamçatka ýarymadasynda “trauler” kysymly rus gämisiniň suwa batmagy netijesinde azyndan 54 adamyň ölendigi habar berilýär.

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň resmileri Dalniý Wostok traulerinde 132 adamyň bolandygyny we olaryň 63 sanysynyň halas edilendigini aýdýarlar. Gäminiň 15 sany ekipaž agzasy heniz hem ýitirim.

Bu sebitdäki 25-den gowrak balykçy gämisi ekipaž agzalaryny halas etmäge kömek etdiler diýlip, ministrligiň websaýtynda çap edilen beýanatda bellenilýär.

Resmiler aglabasy gipotermiýadan, ýagny bedeniň temperaturasynyň sowamagyndan ejir çekýän halas edilen ekipaž agzalarynyň dikuçar arkaly Magadandaky keselhana ýerleşdirilendigini aýdýarlar.

“Trauler” kysymly gäminiň batmagyna nämäniň sebäp bolandygy barada henize çenli resmi taýdan hiç hili maglumat berilmedi.

XS
SM
MD
LG