Sepleriň elýeterliligi

Kenýa: Ýaraglylar koleje hüjüm etdi


Kenýadan gelip gowşan maglumatlarda ýüzi örtgüli ýaragly adamlaryň, Kenýanyň demirgazyk-gündogaryndaky kollejiň meýdançasyna hüjüm edendigi we bu wakanyň netijesinde azyndan iki adamyň öldürilendigi we başga-da takmynan 30 sanysynyň ýaralanandygy habar berilýär.

2-nji aprelde Kenýanyň howpsuzlyk güýçleri ýurduň Somali bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Garissa uniwersitetiniň daşyny gabawa aldylar. Munuň netijesinde howpsuzlyk güýçleri bilen ýaraglylaryň arasynda agyr ok atyşyklar boldy.

Uniwersitetiň esasy girelgesindäki iki howpsuzlyk garawulynyň öldürilendigi tassyklandy.

Kenýanyň Gyzyl haç guramasy “sany barada takyk maglumat bomadyk ençeme studentiň zamun” alnandygyny habar berdi.

Henize çenli bu hüjümiň arkasynda kimiň bardygy barada takyk maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG