Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Partlamada adam ýitgisi bolmady


2-nji aprelde ir bilen Ukrainanyň paýtagty Kiýewiň merkezinde bomba partladyldy. Bankyň bölümçesiniň binasynyň girelgesine edilen bomba hüjüminde ýitgileriň bolmandygy habar berilýär.

Bu hüjümiň netijesinde binanyň gapysyna we penjirelerine zeper ýetdi.

Soňky aýlarda Ukrainanyň günortasyndaky port şäheri Odesada we gündogaryndaky Harkiw şäherinde birnäçe bomba partlamalary amala aşyryldy. Bu şäherleriň ikisi hem gündogar Ukrainadaky separatistleriň kontrollygyndaky territoriýanyň daşynda ýerleşýär. Emma bu iki şäheriň hem Russiýa tarapyndan goldanylýan gozgalaňçylar tarapyndan basylyp alynmak islenýän territoriýa diýlip görülýändigi aýdylýar.

Ukrainada edilen bu hüjümleriň ençemesinde gozgalaňçylara garşy göreşýän hökümet güýçleri bilen aragatnaşygy bolan guramalaryň nyşana alynýandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG