Sepleriň elýeterliligi

Apple-i döredenleriň biri: "Geljek gorkuly"


"Apple" firmasyny döredenleriň biri bolan Steve Woznýak.

"Apple" firmasyny döredenleriň biri bolan Steve Woznýak.

"Apple" firmasyny döredenleriň biri bolan Steve Woznýakyň (Stiw Wozniak) aytmagyna görä, "Geljek adamzat üçin elhenç we gorkuly bolar".

Stiw Woznýak şu hepde gatnaşan bir söhbetdeşliginiň mazmuny bilen indi “Ýasama aň döredýän aşa ösen tehnologiýalaryň klubuna” (The Super Rich Technologists Making Dire Predictions About Artificial Intelligence) goşulypdyr. Bill Gates, Stephen Hawking we Elon Musk dagylar hem öňden bul klubyň agzalarydy.

Biz hojaýynlar bolarmykak ýa-da hyzmatkärler?

Stiw Woznýak, Awstraliýanyň “Financial review” žurnalyna beren interwýusynda robotlaryň adamzatdan has kämil boljakdygyny aýdypdyr.

Woznýak: “Stephen Hawking we Elon Musk dagylar ýaly menem geljek adamzat üçin has elhenç we gorkuly bolar diýen pikirde. Eger biz öz ýerimize ähli işleri edip bilýän ösen enjamlary döretsek, soňabaka olar her bir zady bizden has tiz seljermäni öwrenerler we kärhanalaryňdyr firmalaryň has öndürjilikli işlemegi üçin zerur talaby doly kanagatlandyrmaýan adamlardan dynmagyň kül-külüne düşerler”.

Woz okyýjylary, edil Hallowin gijelerinde çagalary gorkuzylyşy ýaly, gorkuzmaga synanşýar: “Şeýle ýagdaýda onsoň biz hojaýyn bolarysmy ýa-da hyzmatkärmi, ana, şony anyk bilip biljek däl...”.

Onuň aýtmagyna görä, her hili ýagdaý bolaýanda-da, ol öz itine mähirli çemeleşmäge çalşar.

Adamyň aňy ejiz galar

Woznýak geljekde boljak ýagdaý hakdaky bu netijäni öziçe şeýle hasaplap çykarypdyr: Eger kompýuteriň işleýiş tizligi her ýyl iki esse ýokarlansa, esasy işi ýerine ýetirýän silikon tranzistorlarynyň göwrümi atom ýaly kiçijik bolar. Eger göwrüm ondanam az bolsa, onda eýýäm subatom ýadrolary barada söz açmaly bolarys, ýagny kwantdan. Bu bolsa häzirlikçe adamzat tarapyndan doly öwrenilmedik ýagdaýdyr.

“Financial review” žurnalynyň ýazmagyna görä, Woznýagyň garaýşyna üns berilse, onda onuň ozalky garaýşyndan 180 gradus üýtgändigini görse bolýar.

Ol mundan ozal Raý Kurzweiliň “Çakdanaşa ösen ýokary tehnologiýa enjamlary birnäçe on ýylyň dowamynda adamyň aňyndan öňe geçer” diýen garaýşyny inkär edýärdi. Woznýak indi “Kompýuterler [geljekde] adamlardan has kämil bolar” diýýär.

Onuň bellemegine görä, ylmy-tehnologiýanyň ösüşine baglylyk-da, adamzat ahyrsoňunda aň taýdan özünden has kämil ýasama aň döreder.

“Biz şeýtany çagyrýarys”

Bill Gates ýanwar aýyndaky bir makalasynda: “Men aşa ösen ýasama aňdan biynjalyk bolýanlaryň tarapynda durýandyryn” diýip ýazdy.

Ondan bir aý öň bolsa Hawking ýasama aňyň adamzat neslini ýok etjekdigini aýdypdyr.

Britaniýaly oýlap tapyjy alym Clive Sinclair BBC-ä beren interwýusynda, ýasama aňyň adamzadyň ahyrýeti boljakdygyny belläpdir.

Musk bolsa geçen oktýabrda gurnalan bir ylmy simpoziýumda eden çykyşynda “Ýasama aňy döretmek bilen biz şeýtany çagyrýarys” diýipdir.

Onuň pikiriçe, gorkunç kinofilmlerdäki ýaly, “haçdyr mukaddes suwuň” kömegi bilen ol şeýtandan sypmak başartmaz.

XS
SM
MD
LG