Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk gözeline türme howpy abanýar


 Merwe Büýüksaraç
Merwe Büýüksaraç

Türkiýäniň gözellik bäsleşikleriniň owalky ýeňijilerinden biri bolan Merwe Büýüksaraç, sosial ulgamda ýaýradan bir goşgusy zerarly, iki ýyl azatlykdan mahrum edilip bilner.

Garalawçylar, bu goşgyny çap etmek bilen, onuň prezident Rejep Taýyp Erdogany äsgermezçilik edendigini öňe sürýärler.

Garalawçy Umut Tepeniň resmi talabyna esaslanýan şeýle aýyplaýjy karary indi Stambulyň 1-nji jeza kazyýeti tassyklamaly.

2006-njy ýylda geçirilen gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan Büýüýksaraç ýanwar aýynda özüniň Instagram sosial ulgam sahypasynda ýaýradan bir bölek satiriki şygry bilen bagalanyşykly soraga çekildi.

Şygyrda Erdogan parahor we döwlet emlägini talaýan çinownigiň obrazynda suratlandyrylypdyr.

Garalawçylar aslynda Türkiýäniň gimnine, ýagny berkararlyk mukamyna bagyşlanyp ýazylan ol şygyrda Erdoganyň şahsyýetiniň kemsidilýändigini öňe sürýärler.

Büýüksaraçyň aklawçylarynyň aýtmagyna görä, Merwe ol şygry öz adaty internet sahypasynda goýupdyr we şonuň üçinem bu aýyplama, başga zat däl-de, eýse söz azatlygynyň garşysyna gozgalan işdir.

Häzirki döwürde dizaýnerlik işi bilen meşgullanýan Merwe Büýüksaraç kazyýete beren düşündirişinde "Ukusyz" atly satiriki žurnaldan alyp goýan şol bölek şygryny soň derrew pozandygyny aýdyp, onsoň özüne garşy sud işiniň gozgalmagynyň gaty geň ýagdaýdygyny we şeýle-de ol şygry sosial ulgamlarda ýüz müňlerçe adamyň öz sahypalarynda ulanandygyny aýdýar.

Türkiýäniň gözeli özüniň ýurduň prezidentini äsgermezçilik edendigi baradaky aýyplamany doly iňkär edýär.

XS
SM
MD
LG