Sepleriň elýeterliligi

"Wokzaldaky hajathanany ýapdylar"


demiýolu

demiýolu

Mälim bolşy ýaly, sport , sport çäreleri, ýa-da sport bilen meşgullanmak saglygy berkitmegiň birnäçe usullarynyň diňe biri. Türkmen metbugaty ýurtda dowam edýän “Saglyk aýynyň” ilatyň saglygyny has-da berkitmäge gönükdirilendigini habar berýär.

Emma ilatyň saglygyny berkitmegiň ýollarynyň ýene biri, arassaçylyk, hususanda hajathana arassalygy. Türkmen häkimiýetleri “Saglyk aýyna” badalga beren mahaly, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň demirýol wokzalyna sapar edýän ýolagçylar hajathana ýetmezçiliginden ejir çekýärler.

Şeýle ýolagçylaryň biri adynyň efirde tutylmazlygyny soran maryly ýaşaýjy. Ol bu mesele barada Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Osman Hallyýewe ýörite interwýu berdi.

XS
SM
MD
LG