Sepleriň elýeterliligi

Eýran: "Esasy parametrler" ylalaşyldy


Eýranyň ýadro programmasy dogrusynda edilen beýanatyň öňüsyrasy. 2-nji aprel, 2015 ý. Şweýsariýa.

Eýranyň ýadro programmasy dogrusynda edilen beýanatyň öňüsyrasy. 2-nji aprel, 2015 ý. Şweýsariýa.

Eýran we dünýäniň iri alty döwleti 30-njy iýuna çenli taýýar edilmeli ýadro ylalaşygynyň “möhüm parametrleri” dogrusynda ylalaşandyklaryny aýan etdiler.

Şweýsariýanyň Lausanne şäherinde geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogherini Eýranyň ýadro programmasynyň gerimini kemeledip, munuň öwezine Tährana girizilen sanksiýalary gowşatmak boýunça 2-nji aprelde gelnen özara düşünişmäniň “möhüm ädim” bolandygyny belledi.

Mogherini ABŞ-nyň we ÝB-niň Tährana garşy girizen sanksiýalarynyň diňe bir ýagdaýda, ýagny Eýranyň ylalaşyk boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý edýändigini BMG-niň ykrar etmeginden soň aradan aýryljakdygyny hem sözüne goşdy.

Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif “islenilýan nokada ýetmek üçin” Eýranyň, şeýle-de Fransiýanyň, Britaniýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Russiýanyň we Hytaýyň resmileriniň “heniz hen geçmeli ýolunyň” bardygyny belledi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bu düşünişmäni “taryhy” diýip atlandyrdy.

Şol bir wagtda, Obama Eýranyň ýadro programmasy babatynda doly ylalaşyga gelmek üçin “etmeli işleriň bardygyny” hem nygtady.

XS
SM
MD
LG