Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: Öňki resmä aýyplama bildirildi


Hytaýyň häkimiýetleri ýerli howpsuzlyk gullugyň öňki başlygy Zou Ýongkangy (Zhou Yongkang) para almakda, wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we döwlet syryny bilkastlaýyn paş etmekde aýypladylar.

Hytaýyň döwlete degişli “Xinhua” habar gullugynyň 3-nji aprelde beren maglumatyna görä, Zounyň sud işi ýurduň demirgazygyndaky Tianjin şäher suduna geçirilipdir.

Geçen ýyl Hytaý Zounyň tussag edilendigini we häkimiýetdäki “Komunist” partiýasyndan çykarylandygyny mälim edip, onuň para almakdan döwlet syryny paş etmege çenli birnäçe aýyplama bilen aýyplanýandygyny aýdypdy.

Zou prezident Si Jinpingiň korrupsiýa garşy göreşinde şu güne çenli tussag edilen iň ýokary derejeli hytaý resmisidir.

XS
SM
MD
LG