Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“GDA” ýurtlaryň diplomatlary duşuşdy


Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky “Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy” atly gurama agza ýurtlaryň ýokary derejeli diplomatlary özaralaryndaky hyzmatdaşlygy artdyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin gyrgyz paýtagty Bişkekde ýygnandylar.

Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň daşary işler ministrleri hem-de Moldowanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary hem-de Azerbaýjanyň we Ukrainanyň ýörite wekilleri 3-nji aprelde geçirilen ýygnaga gatnaşdylar.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi gürrüňi gidýän ýurtlaryň resmileriniň arasynda geçiriljek gepleşiklerde “Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna degişli ýurtlaryň serhedindäki krizisi” bilelikde çözmek tagallalary maslahat ediljekdigini belledi.

Gürrüňi gidýän ýygnagyň öňüsyrasynda, gyrgyz daşary işler ministri Erlan Abdyldaýew we onuň rus kärdeşi Sergeý Lawrow duşuşyk geçirdiler.

XS
SM
MD
LG