Sepleriň elýeterliligi

Almaty: Sowet gahrymanynyň agtygyna hüjüm edildi


Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda II Jahan urşunyň sowet gahrymany general Iwan Panfilowyň agtygy nämälim hüjümçiler tarapyndan urlup-ýenjildi.

67 ýaşly Aýgül Baýkadamowa 2-nji aprel gijesi öz jaýynyň daşynda hüjüm edildi.

Tanymal gazak kompozitorynyň gyzy Baýkadamowa özüne garşy edilen hüjümi köpçülikde we internetde beýan eden garaýyşlary bilen baglanyşdyryp, hüjümçileriň öz şahsy zatlaryny almandygyny aýdýar.

Panfilow 1941-nji ýylyň noýabrynda Moskwanyň golaýynda öldürilipdi. Onuň Almatyda döredilen 316 belgili atyjylyk diwiziýasy şol güýz sowet paýtagtyny Germaniýanyň goşunlaryndan goramakda möhüm rol oýnapdy.

XS
SM
MD
LG