Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl: Ylalaşyk "örän howply"


Ysraýyl Eýranyň ýadro programmasy boýunça dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdy bilen ylalaşylan Tähranyň çarçuwalaýyn şertnamasyny “örän, örän howply ugurdaky ädim” diýip häsiýetlendirdi.

Ysraýylyň hökümetiniň metbugat sözçüsi Mark Regew 3-nji aprelde beren maglumatynda, Eýranyň şertnamanyň arkasyndaky “ýeke täk maksady” ýadro ýaraglaryny öndürmekden ybarat” diýdi.

“Bu [ylalaşyk] Eýrana diňe gymmatbaha ýadro infrastrukturasyny galdyrman, eýse ol Tähranyň iň bolmanda ýekeje ýadro desgasyny hem ýapmakda şowsuz bolýar” diýip, Regew belleýär.

2-nji aprelde Şweýsariýada Eýran we dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdy Tähranyň ýadro ylalaşygynyň “möhüm parametrleri” dogrusynda ylalaşdylar.

XS
SM
MD
LG