Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Konserwatiwler ylalaşygy tankyt edýär


Eýranyň baş ruhy lideri Aýatollah Ali Hameneýiň maslahatçysy ýurduň ýadro programmasy barada dünýäniň iň kuwwatly döwletleri bilen baglaşylan çarçuwalaýyn ylalaşygy berk tankyt etdi.

“Kaýhan” atly aşa konserwatiw neşiriň hem redaktory Hossein Şariatmadari 3-nji aprelde ýarymresmi “Fars” habar gullugyna beren maglumatynda, Eýran “çapuwa taýýar atyny döwük uýana” çalyşdy diýip, ylalaşygyň Eýran üçin ýaramazydygyny we onuň ýadro programmasyny agsatjakdygyny aýtdy.

2-nji aprelde Eýran we dünýäniň iri alty döwleti Tähranyň ýadro ylalaşygynyň “möhüm parametrleri” dogrusynda ylalaşandyklaryny aýan etdiler. Bu waka Tähranyň köçelerinde dabaraly ýagdaýda bellenildi.

Çarçuwalaýyn ylalaşyk Eýranyň ýadro programmasynyň gerimini kemeldip, munuň öwezine Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Milletler Gurmasy tarapyndan Tährana garşy girizilen sanksiýalary gowşadar.

XS
SM
MD
LG