Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Düzgün bozan pyýadalara jerime salynýar


Aşgabat
Aşgabat

Aşgabadyň köçelerinde şu günler, ýollardaky ýörite bellenilen ýerlerden däl-de, bellenilmedik ýerlerden ýoly kesip geçýän pyýadalar saklanyp, iň golaýdaky polisiýa bölümine eltilýärler. Bu tertibi ýola goýmak we onuň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna gözegçilik etmek üçin gerekli ýerlerde ýörite mikroawtobus polisiýa awtoulaglary dur.

Köçe düzgünini bozanlygy sebäpli saklanan raýatlaryň, polisiýa bölüminde şahsyýeti anyklanyp, olara 50 manat möçberinde jerime salynýar. Kähalatda pyýadanyň hossarlary hem şol polisiýa bölümine barmaly bolýarlar.

“Sebäbi hemme kişi dokumentlerini ýanynda göterenok ýa-da ýanynda ýeterlik puly bolmaýar. Şonuň üçin hossarlarynyň biri baryp, jerime puluny ýa-da dokumentlerini eltmeli bolýar” diýip, paýtagtyň Parahat-2 mikroraýonynyň ýaşaýjysy Kakajan Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtda hem bu çäre paýtagtyň käbir köçelerinde amala aşyrylýar. Esasanam, merkezi köçelerde eli jürlewükli polisleri ýygy-ýygydan görmek bolýar. Mysal üçin, olar S.Türkmnebaşy, Magtymguly prospektleri ýaly protokol we merkezi köçelerde durýarlar.

Öňem bolupdy

Paýtagtda pyýadalaryň köçeden geçenlerinde düzgüni bozmaklaryna garşy alnyp barylýan bu çäräniň gurnalyşy ilkinji gezek däl. Mundan ozal, 2013-nji ýylda, paýtagtyň köpçülik ýerlerinde, uly ýollaryň ugurlarynda pyýadalar üçin niýetlenen geçelgelerden geçmedik adamlara jerime salynjakdygy barada bildirişler asylypdy.

Şondan soň, aram-aram polisiýa işgärleri düzgüni bozýan pyýadalary saklap, olara jerime salýardylar. Bu çäre, adatça, aňry gitse bir aý dowam edýärdi. Soň pyýadalara jerime salynmaýardy. Köplenç diňe dilden duýduryş bermek bilen çäklenilýärdi.

Nireden geçmeli?

Bu ýagdaýa il arasynda biri-birine gapma-garşy garaýyşlar bar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir paýtagtlylar pyýadalar üçin niýetlenen geçelgeleriň köpüsiniň amatly däldigini, olaryň aralarynyň uzakdygyny, şol sebäpdenem adamlaryň rugsatsyz ýerlerde-de köçeleri kesip geçmeli bolýandyklaryny aýtsalar, polisiýanyň işgärleri howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegi üçin şeýle çärelere baş goşmaga mejburdyklaryny gürrüň berýärler.

Soňky döwürde, iň bärkisi Aşgabady göz öňünde tutup aýdanymyzda-da, ýollaryň ençemesi giňeldilip, olarda ýerüsti hem ýerasty pyýada geçelgeleriň ençemesi guruldy. Bu pyýada geçelgeleriniň käbirlerinde eskalatorlar hem goýuldy. Olaryň ählisiniň diýen ýaly diwarlary özboluşly mozaika bilen bezelipdir.

Näme üçin geçelgeden peýdalanmaýarlar?

Emma käbir geçelgelerde eskalatorlar ýok. Esasanam, çuň ýerasty geçelgeleri göz öňünde tutup aýdanymyzda, olarda eskalatorlaryň bolmazlygy ýaşy bir çene ýeten adamlar üçin aýratyn kynçylyk döredýär.

“Ýerasty geçelgeler çuň, ýaşlar nähili-de bolsa aşak düşüp-çykyp biljek. Ýöne garrylar üçin bu örän kyn. Maýyplar barada gürrüňem edemok” diýip, özüni Kakajan diýip tanadan paýtagtly bu ugurdan öz pikirini beýan edýär.

Häzirki geçmesiz ýerden geçýän pyýadalara garşy görülýän çäreler barada resmi metbugatda hiç hili maglumat berilmeýär. Şol sebäpden paýtagtlylaryň köpüsi bu çäreden bihabar. Onsoň jerime bilen ýüzbe-ýüz bolmak, olar üçin köplenç garaşylmadyk ýagdaý bolýar.

XS
SM
MD
LG