Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ymamy “YD”-ny tankytlady


Aşgabadyň Är-Togrul Gazy metjidiniň ymamy juma namazynyň dowamynda okan hutbasynda “Yslam döwleti” diýilýänini tankyt edip, bu toparyň “yslamyň duşmanlary tarapyndan döredilendigini” hem öňe sürdi.

3-nji aprelde geçirilen Juma namazynyň dowamynda türkmen ymamy “Yslam döwleti” atly toparyň köklerine aralaşsaň, olaryň “wahabylardan” gelip çykýandygyna göz ýetirýärsiň diýdi. Şeýle-de, ymam käbir adamlaryň gürrüňi gidýän toparyň ýalňyş ideologiýasynyň we maglumatlarynyň täsirine düşendigini, bu adamlaryň jemgyýetiň içinde hem bardygyny aýtdy.

Türkmenistan resmi derejede “Yslam döwleti” atly topar bilen baglylykdaky beýanatlar bilen juda seýrek çykyş edýär.

XS
SM
MD
LG