Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow bilim ministrini täzeledi


Türkmenabatly okuwçylar

Türkmenabatly okuwçylar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni (3-nji aprel) geçiren hökümet maslahatynda ýurduň bilim ministri Gülşat Mämmedowany «işinde goýberen düýpli kemçilikleri üçin» işden boşatdy.

Türkmen metbugaty Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Bilim ministrliginiň düzümlerinde geçirilen barlaglaryň netijesiniň aýan edilendigini habar berýär.

Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik palatasynyň başlygy Batyr Atdaýewiň Bilim ministrliginiň düzümlerinde geçirilen barlaglar barada beren hasabatynda käbir kemçilikleriň ýüze çykarylandygy aýdyldy.

Hasabatda aýdylmagyna görä, ýurtda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, hususan-da ýokary bilimli ýaş kadrlary işe ýerleşdirmek boýunça «birnäçe kemçilik» goýberilipdir. Emma resmi habarda bu kemçilikleriň ýaýrawy, anyk mysallar, olaryň näme sebäpden goýberilendigi barada anyk maglumat berilmeýär.

Şeýle-de barlag bilim pudagynda degişli ýolbaşçylar tarapyndan edilmeli gözegçiligiň gowşadylandygyny ýüze çykarypdyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň prezidenti ozalky hökümet maslahatlarynda hem birnäçe gezek bilimli kadrlary ýetişdirmek, daşary ýurtlarda bilim alan ýaşlary işe ýerleşdirmek barada gürrüň edip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary beripdi.

Türkmen telewideniýesi prezident Berdimuhamedowyň Bilim ministrliginiň işinden nägile bolandygyny we ministr Gülşat Mämmedowany wezipesinden boşandandygyny habar berýär.

Şeýle-de prezident, ýaş hünärmenleriň öz alan hünärleri boýunça halk hojalygynyň degişli pudaklarynda işe ýerleşdirilmegi bilen baglylykda geçirilýän işleriň gowuşgynsyzlygy üçin ýurduň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri B.Şamyradowa berk käýinç berdi.

Gülşat Mämmedowa bilim ministri wezipesinde 2009-njy ýyldan bäri işleýärdi we, sosial ulgamlarda ýazylmagyna görä, prezidentiň ilkinji käýinjini 2010-njy ýylyň oktýabrynda, soňky käýinjini bolsa 2015-nji ýylyň ýanwarynda alypdyr.

Gülşat Mämmedowanyň ýerine bilim ministri wezipesine Pürli Agamyradow bellenildi. Ol mundan öň Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda rektor bolup işleýärdi.

Türkmenistanda 2007-nji ýylda prezident çalşandan soň, ozalky prezident S.Nyýazowyň bilim pudagynda alyp baran syýasaty üýtgedildi we orta mekdepler 9 ýyllykdan 10 ýyllyga, soňy bilen 12 ýyllyga geçirildi, ýokary okuw jaýlarynyň hem gysgaldylan möhleti uzaldyldy. Şol sanda, ýokary okuw jaýlarynda student orunlarynyň köpeldilýändigi, daşary ýurtlarda bilim almaga gidýän türkmenistanly ýaşlaryň sanynyň barha artýandygy aýdylýar.

Emma türkmen hökümetiniň tankytçylary Türkmenistanda ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna esasy päsgelçilik döredýän zatlaryň bilimiň aşa idelogiýalaşdyrylmagy, ýurtda geçirilýän köpçülikleýin çäreler we giň ýaýran korrupsiýa bilen baglydygyny aýdýarlar.

“Transparency International” guramasynyň dünýäde korrupsiýanyň derejesi boýunça çap edýän ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistan köplenç iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG