Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan zenany YD-a goşuljak boldy


Filadelfida 30 ýaşyndaky bir aýal “Yslam döwleti” toparynyň jeňçilerine maddy kömek berjek bolmakda aýyplandy.

Eger günäli tapylsa, Keonna Thomasa 15 ýyla çenli türme tussaglygy garaşýar. Prokurorlar Thomasyň 2013-nji ýylyň awgustyndan 2014-nji ýylyň dekabryna çenli aralykda bu topary goldaýan twitleri çap edendigini aýdýarlar.

Ol, aýdylmagyna görä, Siriýadaky YD söweşijilerine özüniň janyndan geçenleriň missiýasyna dahylly bolmak isleýändigini aýdypdyr.

Prokurorlar onuň fewral aýynda pasport üçin arza berendigini we 29-njy martda Barselona uçmak üçin bilet alandygyny, Türkiýäniň üsti bilen Siriýa barmagy niýet edinendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG