Sepleriň elýeterliligi

YD palestin bosgun lagerini eýeledi


“Yslam döwleti” toparynyň jeňçileri Siriýanyň paýtagty Damaskyň etegindäki palestin bosgun lageriniň köp bölegini ele geçirdi.

Bu olara basdaş palestin pitneçileri bilen edilen dört gün söweşden soň başartdy. Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy ekstremistleriň indi Ýarmouk bosgun lageriniň 90 prosent çemesine kontrolluk edýändiklerini aýdýar.

Bosgun lagerinde 1-nji aprelde başlanan gowga azyndan 9 palestinalynyň, şol sanda asuda adamlaryň ölümine getirdi.

Ýarmoukda Siriýada 2011-nji ýylda başlanan gozgalaňdan öň 150 müň çemesi palestinaly bosgun ýaşaýardy.

XS
SM
MD
LG