Sepleriň elýeterliligi

Ikinji guty hem jenaýaty tassyklaýar


Fransiýanyň awiasiýa derňewçileri Alp daglarynda ýykylan “Germanwings” uçarynyň galyndylarynyň arasyndan tapylan ikinji gara gutynyň hem egindeş pilot Andreas Lubitziň bilkastdan eden jenaýatyny tassyklandygyny aýdýarlar.

Bu hadysada uçardaky 150 adam heläk boldy.

Fransiýanyň BEA awiasiýa býurosynyň derňewçileriniň beýanatynda ikinji gara guty Lubitziň uçary, awtomatiki dolandyryş arkaly, çykan ýokary belentliginden aşak goýberip, onuň tizligini barha güýçlendirendigini görkezýär diýilýär.

Germaniýaly derňewçiler şu hepde Lubitziň kompýuterinden onuň öz janyňa kast etmek usullary we uçar kabinasynyň gapy howpsuzlygy boýunça gözleg geçirendigi barada maglumat tapyldy diýdiler.

XS
SM
MD
LG