Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tam Eýran bilen ylalaşyga ynamly


Ak tam özüniň Eýranyň ýadro programmasyny jylawlajak ylalaşygyň ahyrky detallarynyň işlenip düzülip bilinjegine ynamlydygyny aýtdy.

Ak tamyň sözçüsi prezident Barak Obamanyň 3-nji aprelde ABŞ-nyň Wekiller öýi palatasynyň we Senatyň dört sany ýokary lideri bilen gürleşip, 2-nji aprelde Şweýsariýada yglan edilen deslapky ylalaşyk barada maslahatlaşandygyny aýtdy.

Şeýle-de Obama bu ylalaşyk barada Bahreýniň, Kuweýtiň, Kataryň we Birleşen Arap Emirlikleriniň liderleri bilen maslahatlaşdy.

Şu aralykda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani telewideniýede berlen sözünde bu ylalaşyga “dünýä bilen öndümli gatnaşyga girmegiň ilkinji ädimi” hökmünde baha berdi.

XS
SM
MD
LG