Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran üçin garaşylanyna degdimi?


Daşary işler ministri Jawad Zarif (Ç) Eýranyň Atom energiýasy guramasynyň başlygy Ali Akbar Salehi 5+1-iň we ÝB wekilleriniň Eýran bilen duşuşygynda, Lausanne, 31-nji mart, 2015 ý.
Daşary işler ministri Jawad Zarif (Ç) Eýranyň Atom energiýasy guramasynyň başlygy Ali Akbar Salehi 5+1-iň we ÝB wekilleriniň Eýran bilen duşuşygynda, Lausanne, 31-nji mart, 2015 ý.

Eýran resmileri indi özleriniň bireýýäm edip biljek zatlaryny etmek üçin şeýle uzak garaşanlaryna, öz ýadro programmalaryny açyk-aýdyň etmek baradaky halkara şertleri bilen ylalaşmagyň şeýle uzak wagt alanyna haýran galýan bolmaly. Ykdysady sanksiýalar ýurda milliardlap dollar zyýan ýetirdi, özem bu ýerde, eger hiç zat bolmasa, näme gazanylandygy aýdyň däl.

Eýran resmileri öz ýurtlarynyň uran baýlaşdyrmak hukugy babatda uzak ýyllar berk erjellik görkezdiler. Bu pozisiýa dünýä ýüzünde Eýran ýaşyrynlykda ýadro ýaraglaryny edinjek bolýan bolmasyn diýen şübhäniň çuňlaşmagyna getirdi we netijede ýurdy gyrakladylan bir döwlete öwürdi.

Halkara jemgyýetçiligi 2011-nji we 2013-nji ýyllarda, Eýrany öz dawaly ýadro programmasyny açmaga mejbur etmek üçin, TähraNa garşy berk sanksiýalar tapgyryny girizdi. Bu sanksiýalar ýurduň iň bir gymmatly eksport harydyny, nebiti nyşana aldy. Bu çäklendirmeler ýurdy diňe bir ykdysady taýdan agsatmady, eýsem oňa tutuşlygyna gara tegmil basdy.

Ýüzlerçe milliardlyk girdeji ýitirildi

Sanksiýalaryň we halkara izolýasiýasynyň jemi ýetiren zyýanyny ýa-da düşen bahasyny hasaplamak mümkin däl, bu belki-de, eger ýüzlerçe bolmasa, köp gezek onlarça milliard dollara barabardyr.

Diňe nebit girdejileriniň ýitirilmegi babatda aýdylanda, Eýranyň Nebit ministrligi 2013-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň embargosy bilen ABŞ sanksiýalarynyň ýurda bilelikde düşen bahasy aýda 4 milliard dollardan 8 milliard dollar aralagynda diýip hasaplady. 2012-nji ýylda nebit eksportyndan gelýän girdeji ondan öňki ýyldakydan 26 milliard dollar aşak gaçdy.

Özem bu diňe nebit barada aýdylanda şeýle. Eýranyň beýleki pudaklardaky eksportlaryna girizilen çäklendirmeler, şol sanda oba hojalygy, awtoulag senagaty, maliýe transaksiýalary ýaly ugurlardaky çäklendirmeler hem şundan kän bolmasa, az zyýan ýetirmedik bolmaly.

Eýran ykdysadyýeti indi birnäçe ýyl bäri çökgünlikde, ýa-da bolmasa, bagryny ýere berip ýykylmagyň öň ýanlarynda yraň atýardy. Halkara pul fondy (IMF) 2014-nji ýylda Eýranyň ykdysadyýeti öňki iki ýyldaky tesişden soň, diňe 1.5 prosent ösdi diýdi. Eýran ykdysadyýeti 2015-nji ýylda hem beýle daýanar ýa gurplanar öýdülenok, sebäbi dünýäde nebitiň bahasynyň kesgin aşak gaçmagy başga bir daşarky zarba boldy we hakyky sanksiýa ýatyrylmalary entek birnäçe aý uzakda dur.

Bu çekilen zyýana degdimi?

Halkara sanksiýalary bilen baglylykda, olaryň ykdysadyýete girizen berk gadaganlyklary we çekilen zyýan nukdaý nazaryndan, bu erjellik öz bahasyny ödedimi diýen sorag ýerlikli bolsa gerek. Eger Eýran turuwbaşdan öz ýadro programmasy babatda halkara jemgyýetçiligi bilen açyk işleşen bolsa gowy bolmazmydy?

2-nji aprelde yglan edilen deslapky ylalaşygyň şertleri esasynda seredilse, Eýranyň eýelän pozisiýasy babatda görnetin bir oňyn netije çykarmak kyn.

Bu şertnama Eýrana bir ýadro serişdesi üçin ýeterlik uran baýlaşdyrmaga gerek boljak wagt möhletini azyndan bir ýyla çenli uzaldýar. Häzirki hasaplanyp çykarylan wagt bolsa iki aýdan üç aýa çenli.

Şeýle-de Eýran uran baýlaşdyrmak üçin oturdylan sentrifugalaryň sanyny kemeltmäge, öz baýlaşdyrylan we ýadro ýaraglaryny ýasamakda ulanylyp biljek uranlarynyň möçberini azaltmaga razy boldy.

Halkara Atom energiýasy gullugy, goşmaça, Eýranyň ähli ýadro desgalaryna, şol sanda ýurduň ýadro programmasynyň üpjünçilik kärhanalaryna hem «yzygiderli baryp görmek» kepilligini alýar.

Muňa derek eýranlylar öz ýadro programmalary bilen bagly girizilen aşa zyýanly sanksiýalaryň degişlilikde, eger hemme zat plan esasynda gitse, has çalt ýatyrylmagyna garaşyp bilerler.

Başga sözler bilen aýdylanda, bu ylalaşyk 2000-2002-nji ýyllardaky ýagdaýy ýa-da ýene 2009-njy ýyldaky şertleri gaýtadan döredýär, şonda Eýranyň üç ýyllyk ýowuz sanksiýalara uçramazdan stol başyna gelmek mümkinçiligi bardy.

Gymmat düşen progres

Düýbi Brýusselde ýerleşýän Halkara Krizis toparynyň analitigi Ali Waez Eýranyň ýadro ylalaşygyna gelmegi şeýle uzaga çekmeginden käbir derejede nep-peýda gören bolmagynyň hem mümkindigini öňe sürýär.

"Açygy, eýranlylar ägirt uly progres gazandylar we olar indi ýadro işlerinde ussatlyga ýetişdiler. Meniň pikirimçe, bu babatda şübhe bolup bilmez" diýip, Waez aýdýar. "Emma bu olara juda gymmat baha düşdi."

Has möhümi bolsa, Waeziň aýtmagyna görä, Eýranyň indi öňe gidip, özüni ýekirilen durumdan çykarmaga we sanksiýalaryň ýatyrylmagyndan peýda görmäge mümkinçiligi bar.

"Indi biz Eýranyň uran baýlaşdyrmak hukugynyň gürrüňsiz ykrar edilen we Eýranyň doly manyly baýlaşdyryş programmasyna eýe bolan ýerinde durus” diýip, ol aýdýar. "Ol 5+1 döwletler topary bilen ýadro hyzmatdaşlygyny etmekden, muňa derek BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň rezolýusiýalarynyň ýatyrylmagyndan peýda tapar."

Wagt ýalňyşy we syýasy çiglikler

Britaniýanyň Birmingham uniwersitetiniň eýran bilermeni we «EA World View» websaýtynyň redaktory Scott Lucas wagt meselesinde goýberilen ýalňyşlar bölekleýin ylalaşyga gelmekdäki başarnyksyzlyk bilen bagly diýýär. Emma ol Eýran bu ugurdaky hasaplamalarynda hem käbir esasy nätakyklyklara ýol berdi diýip pikir edýär.

«Eýran biraz öňräkki ýyllarda, 2005-nji ýa-da 2006-nji ýyllara çenli ÝB3 (Fransiýa, Germaniýa we Britaniýa) arkaly bir ylalaşyk gazanyp bilýärdi, emma Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaryamazlygy bu şertnamanyň baglaşylmagyna ýol bermedi» diýip, Lucas aýdýar.

Lucas eýranlylar 2009-njy ýylda has gowy mümkinçilige eýe boldular, emma olar bu ugurda hereket etmegi başarmadylar diýýär.

"Eýranyň ýokary ruhany lideri (Aýatolla Ali Hamenei) şol pursatda amerikanlara ynanmady we ylalaşyk guralyny yza çekdi" diýip, Lucas aýdýar. "Eýranlylar öz ýalňyşlaryna düşünýänçäler bolsa, amerikanlar BMG-niň sanksiýalary arkaly hereket etmek kararyna geldiler." Ol bu strategiýanyň garaşylmadyk ýagdaýda üstünlikli bolandygyny aýdýar.

Eýranlylar dünýäniň çar künjeginde deslapky ylalaşygy baýram etdiler, sebäbi bu olara diňe öz ýurtlarynda käbir abadançylyk çärelerini dikeltmek wadasyny däl, eýsem ony dünýäniň galan bölegine gaýtadan açmak umydyny hem berýär. Emma bu ýurt beýle işi etmäge näme üçin şeýle uzak garaşdy diýen sorag welin saklanyp galýar.

(AÝ/AR-yň habarçysy Frud Bezhanyň hyzmatdaşlygynda taýýarlandy.)

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG