Sepleriň elýeterliligi

Keniýa: Hüjümçi - resminiň ogly


Keniýanyň Içeri işler ministrligi «Al-Şahabyň uniwersitete eden ganly hüjüminde güman edilýänleriň biriniň hökümet resmisiniň ogludygyny aýdýar.

Habar gulluklary ministrligiň sözçüsine salgylanyp, 2-nji aprelde Garissa uniwersitet kolležiniň umumy ýaşaýyş jaýynda 150-ä golaý adamy öldürmekde güman edilýän dört adamyň biriniň Abdirahim Mohammed Abdullahidigini ýazýarlar.

Somaliniň «Al-Kaýda» bilen ýaranlaşan jeňçi topary «Al-şahab» bu hüjümiň Keniýanyň Somalide bolmagy we musulmanlara ýalňyş çemeleşmesi üçin ar alyşdygyny aýtdy.

Keniýa 7-nji aprelden resmi üç günlük ýasa başlaýar.

XS
SM
MD
LG