Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan erkegi 10 garyndaşyny 'öldürdi'


Pakistan häkimiýetleri bir erkegiň, öz ýegeniniň öýlenmek teklibini ret etmegine gaharlanyp, bu mesele boýunça geçen ýyl dört maşgala agzasyny öldürmekde güman edileninden soň, öz uly maşgalasynyň 10 agzasyny öldürendigini aýdýarlar.

“Associated Press» ýerli polis ofiseri Şahid Hana salgylanyp, bu wakanyň 5-nji aprelde, Haýber-Pahtunhwa welaýatynda bolandygyny ýazýar.

Güman edilýän adam şindem tutulmandyr. Onuň pidalary daýysy, daýzasy we 8 ýegeni, şol sanda oňa durmuşa çykmakdan ýüz öwren ýegençisidir.

AP bu adamyň geçen ýylyň noýabrynda şol gyza öýlenmek islegi zerarly öz ene-atasyny we iki doganyny atyp öldürmekde güman edilendigini ýazýar.

Ol öňki ganhorluk üçin asla tussag edilmändir.

XS
SM
MD
LG