Sepleriň elýeterliligi

Türk prezidenti Eýrana sapar eder


Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan gelýän günlerde Tährana sapar edip, ýokary derejede duşuşyklar tapgyryny geçirer.

Roýters habar gullugy bu saparyň 7-nji aprele planlaşdyrylandygyny ýazýar.

Eýranly deputatlaryň käbiri, Erdoganyň saudlylaryň ýolbaşçylygynda Ýemendäki pitneçilere garşy guralýan harby operasiýany açyk goldanlygy üçin, bu saparyň ýatyrylmagyna çagyrdy.

Bu iki ýurduň berk ykdysady gatnaşyklary bar, Eýran Türkiýäniň ikinji uly gaz üpjünçisi bolup durýar.

Emma soňky ýyllarda, Siriýadaky raýat urşuny togtatmak bilen bagly dürli garaýyşlar zerarly, iki ýurduň arasyndaky diplomatki gatnaşyklar biraz gowşady.

XS
SM
MD
LG