Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abadi: YD-ny ýeňmek kyn bolar


Yragyň premýer-ministri, eger ekstremist topar daşary ýurt söweşijilerini toplamagy dowam etdirse, ony ýeňip bolmajagyny aýdýar.

Haidar al-Abadi nemes žurnalyna YD-nyň söweşijileriniň 57 prosent çemesiniň yrakly bolandygyny, emma olaryň problema döretmändigini, yrak goşunlary Tikrit şäherine giren badyna gaçandyklaryny aýtdy.

"Ol söweşijileriň 43 prosenti daşary ýurtly bolup, olar ideologiýa berlen we arkasyny diwara diräp duranlar hem şolar boldy» diýip, Abadi “Der Spiegel» žurnalyna aýtdy.

Ol «eger YD başga ýurtlardan nöker toplamagyny dowam etse, bu sebitde olara garşy durup biljek goşun ýok» diýdi.

Abadi daşary ýurt howpsuzlyk gulluklary, dünýä ýüzünde çaga pornografiýasynyň yzynyň çalnyşy ýaly, ýaş adamlary YD-dan goramak ugrunda hem berk tagalla etmeli diýdi.

XS
SM
MD
LG