Sepleriň elýeterliligi

Facebook-da köne maglumatlary tapmak aňsatlaşýar


Facebook-da täzelikde çap edilen maglumatlar näderejede aňsatlyk bilen göze ilse, mundan birnäçe aý ýa-da ençeme yýl öň çap edilen maglumatlary tapmak şonça-da kyndyr. Emma wagtal-wagtal ulanyjylar Facebook-da paýlaşan köne statuslaryna, suratlaryna we beýleki maglumatlaryna gaýtadan göz aýlamak isleýärler.

Facebook muny nazara alyp "On this day",​ ýagny "Şu günde geçmiş" atly funksiýasyny hö​dü​rleýä​r. Bu täze funksiýa sosial ulgamda geçmişe göz aýlamagy aňsatlaşdyrýar.

"Facebook newsroom"-yň berýän maglumatyna görä, bu funksiýa arkaly ulanyjylar mundan bir ýyl, iki ýyl ýa-da birnäçe ýyl öň şu gün näme paýlaşandyklaryny, nähili teswirleri ýazandyklaryny, nämäni "like" edendiklerini görüp bilerler we bu bölümdäki maglumatlar diňe ulanyjynyň özi üçin elýeterli bolar. Şol bir wagtyň özünde eger ulanyjy islese, bu maglumatlary ýörite at bilen öz dostlary bilen hem paýlaşyp biler.

Şeýle-de, bu funksiýanyň iň peýdaly taraplarynyň biri, ulanyjylar arhiwdäki maglumatlaryny redaktirläp ýa-da maglumatlary pozup, ýa-da hemmelerden gizläp bilerler.

Facebook-yň berýän maglumatyna görä, gürrüňi gidýän täze funksiýa ýakyn wagtda dünýädäki ähli facebook ulanyjylary üçin elýeterli bolar. Ulanyjylar hödürlenýän bu funksiýadan hem mobil telefonlary, hem-de kompýuterleri arkaly peýdalanyp bilerler. Ulanyjylar "On this day" sahypasyny öz Facebook sahypalaryna girip, şu adrese basyp görüp bilerler: facebook.com/onthisday.

XS
SM
MD
LG