Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýa: YD hristian kilisesine çözdy


Homs şäheriniň ýumrulan kilisesi

Homs şäheriniň ýumrulan kilisesi

Siriýanyň döwlet mediasy “Yslam döwleti” (YD) ekstremistik toparynyň ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Hassaka regionynda ýekşenbe güni pasha dini baýramçylygynda hristian ybadathanasyna çözandygyny habar berdi.

SANA täzelikler agentligi söweşijileriň assiriýleriň Tel Nasridäki kilisesiniň içinde bomba ýerleşdirendigini habar berdi. Bu giňişlikde hristian we kürt söweşijileri YD toparyna garşy söweşýärler.

Adam pidalary barada habar berilmedi.

Fewral aýynda “Yslam döwletiniň” söweşijileri assiriýleriň hristian jemgyýetiniň 200 çemesi agzasyny ogurladylar.

Olardan 90 çemesi geçen aýda boşadyldy, emma galanlaryň nirededigi nämälimligine galýar.

Siriýada assiriýleriň 40 müň çemesiniň ýaşaýandygy, ýurtda graždan urşy başlanmanka hristian ilatynyň sanynyň 1.2 million bolandygy aýdylýar.

“Yslam döwleti” topary hristian kiliseleri bilen bilelikde şaýylaryň we sopylaryň dini gymmatlyklaryny hem ýok edýär.

XS
SM
MD
LG