Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Polisiýa ofiserleri wepat boldy


Owganystan

Owganystan

Owgan resmileri 6-njy aprelde polisiýanyň ulaglaryna edilen aýra-başga bombaly hüjümlerde azyndan 10 adamyň wepat bolandygyny habar berdiler.

Heläkçilikli partlamalaryň biri Kabuldan 50 kilometr uzaklykda Karabag etrabynda boldy.

Kabulyň polisiýasynyň jenaýatçylygy derňemek boýunça edarasynyň aýtmagyna görä, bomba partlamasynda dört polisiýa işgäri we iki raýat heläk bolupdyr.

Demirgazykdaky Baghlan welaýatynda bolan beýleki partlama dört polisiýa wekilini öldüripdir we iki ofiseri ýaralapdyr.

Hüjümleriň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

“Talybanyň” söweşijileri ýolda bomba goýmagy hökümete garşy göreşinde köp ulanýarlar.

XS
SM
MD
LG