Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ ýadro ylalaşygyny goldaýar, Yraýyl garşy çykýar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu Eýranyň ýadro programmasy boýunça geçen hepdede baglaşylan deslapky ylalaşygyň üstündäki özara gapma-garşylygyny dowam etdirýärler.

Obama ýagdaýa düşünjeli garamagyň Tähranyň ýadro ýaragyny döretmeginiň öňüni almak we Ýakyn Gündogarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin “durmuşda bir gezek döreýän mümkinçilik” diýip atlandyrdy.

Obama keskitlenen şertler esasyndaky hemmişeki ylalaşygyň berip biljek bähbitleriniň potensial töwekgelçiliklerden agdyklyk edýändigini

“New York Time” gazetinde 5-nji aprelde cap bolan interwýusynda avtdy.

Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Orsýetiň we ABŞ-nyň resmileriniň 2-nji aprelde Şweýsariýada Eýran bilen baglaşan deslapky ylalaşygynda Tähranyň dawaly ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça şertnamasynyň “esasy parametrleri” kesgitlendi, şeýle-de ABŞ, ÝB we BMG tarapydan Eýrana garşy girizilen saksiýalaryň gowşadylmagy göz öňünde tutuldy.

XS
SM
MD
LG