Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Saud Arabystany harby ýardam soraýar


Pakistanyň goranmak ministri Hawaja Muhammad Asif
Pakistanyň goranmak ministri Hawaja Muhammad Asif

Pakistanyň goranmak ministri Ýemende şaýy gozgalaňçylara hüjüm edýän Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky harby koalisiýanyň Yslamabatdan harby uçarlary, söweş gämilerini we guryýer goşunlaryny sorandygyny aýtdy.

Hawaja Muhammad Asif bu maglumaty 6-njy aprelde Pakistanyň parlamentinde Huthi gozgalaňçylaryna garşy kampaniýa harby taýdan goşulyp-goşulmazlyk barada bolan çekeleşikleriň dowamynda mälim etdi.

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif missiýa dilden goldaw bildirdi.

Ýemeniň paýtagty Sanaany basyp alan gozgalaňçylara garşy hüjüm edýän Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky kampaniýanyň başlanmagyna 6-njy aprelde 12 gün boldy.

Aýlagyň esasy sünni musulman ýurdy Saud Arabystany we sünnileriň köplügindäki Pakistan berk gatnaşyk saklaýarlar. Geçen ýylda Saud Arabystany Pakistana 1.5 milliard amerikan dollaryny beripdi. Şeýle-de Saud Arabystany Nawaz Şarif 1999-njy ýylda harbylar tarapyndan agdarylandan soň oňa başpena beripdi.

XS
SM
MD
LG