Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Splitler bir setire düzülmeli


Paýtagtda alnyp barylýan “abadanlaşdyryş işleriniň” çäginde, jaýlaryň diwalaryndaky kondisionerler dolulygyna sökülip, binalaryň daşy aklanýar.

Paýtagtda alnyp barylýan “abadanlaşdyryş işleriniň” çäginde, jaýlaryň diwalaryndaky kondisionerler dolulygyna sökülip, binalaryň daşy aklanýar.

“Kondisionerleri aýyrsaň, indi onuň kompensasiýasyny kim etjek?! Zaprawka etmeli, neme etmeli... Hany, kim edýär ony?!”

Aşgabadyň parahat 2/1 mikroraýonynyň 24-nji jaýynyň ýaşaýjysynyň bu igençli sözleri, ýerli häkimiýetleriň, gelip, jaýlaryň ýüzündäki kondisionerleriň indi, doly aýrylman, diňe bir hatar edilip goýulmaly edilendigi baradaky “buşlugyna” bildiren reaksiýasy boldy.

Ýerli resmi ýaşaýjylara täze karary mälim edýär.

Ýerli resmi ýaşaýjylara täze karary mälim edýär.

Düýn Köpetdag etrap häkimliginiň wekili bu ýere gelip, ýerli ýaşaýjylary ýygnap, olara öz kondisionerlerini häzirki duran ýerinden aýryp, soňra olary täzeden, jaýyň diwarynda bir setir edip asmaga rugsat berilýändigini habar berdi.

Ýatladyp geçsek, häzir paýtagtda alnyp barylýan “abadanlaşdyryş işleriniň” çäginde, jaýlaryň diwalaryndaky kondisionerler dolulygyna sökülip, binalaryň daşy aklanýardy. Häzire çenli, aýrylan kondisionerleri ýaňadandan jaýlaryň diwaryndan asmaga rugsat ýokdy.

Ýekşenbe güni Parahat 2/1 mikroraýonyna gelen häkimligiň wekiliniň sözlerinden çen tutulsa, indi kondisionlerleriň diwarda dikligine bir setir edip asylmagyna rugsat berilmeginiň özüne ýetesi sebäbi bar. Oňa jaýlardaky kondisionerleriň aýrylmagy bilen bagly ilat arasyndaky dowamly nägilelikler sebäp bolupdyr.

Ýaşaýjylaryň kompensasiýa soragy jogapsyz galdyryldy.

Ýaşaýjylaryň kompensasiýa soragy jogapsyz galdyryldy.

Ýerli ýaşaýjylaryň öz hususy emläkleriniň ýerinden goparylyp aýrylmagy bilen bagly çeken maddy zyýanlarynyň öwezini kimiň doljakdygy baradaky soraglaryny bu ýere häkimlikden gelen resmi wekil jogapsyz galdyrdy.

Ýaşaýjylar eýýäm ençeme ýyldan bäri duran kondisionerleriniň häzir näme sebäpden sökülýändigini soranlarynda, Köpetdag etrap häkimliginiň resmisi 2017-nji ýylda geçiriljek Aziada oýunlaryna daşary ýurtly myhmanlaryň geljekdgini, şeýle-de “özleriniň daşary ýurtlara aýlananlarynda, kondisionerleriň [jaýyň diwarynda] bir setir edilip örülendigini görendiklerini” aýtdy.

Aşgabatda kondisionerleriň aýrylmagy ýaşaýjylarda açyk protest reaksiýalaryny hem döredipdi. Geçen ýyl häkimiýetler Parahat-7 mikroraýonynyň jaýlaryndaky split sistemalary aýyrjak bolanlarynda, ýerli ýaşaýjylar, köçä çykyp, gelen tehnikanyň öňüni böwetläpdiler.

Şol wagt agzalýan jaýyň ýaşaýjylaryna split-sistemalary bir setire düzüp asmaga rugsat ediljekdigi wada berlen-de bolsa, soňra olaryň kondisionerleri dolulygyna sökülip aýrylypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG