Sepleriň elýeterliligi

Harkiw: Hüjümde ýadygärlige zeper ýetdi


Ukrainanyň gündogaryndaky Harkiw şäherinde milli baýdagyň ýadygärliginiň aşagynda bomba partladyldy.

Ýerli prokuratura edarasynyň berýän maglumatyna görä, bu waka 7-nji aprelde ir bilen bolupdyr. Partlamanyň netijesinde ýadygärligiň käbir böleklerine we onuň golaýyndaky Medisina uniwersitetiniň binasynyň penjirelerine zeper ýetdi.

Bu wakanyň netijesinde hiç kime zyýan ýetmedi.

Şol bir wagtyň özünde bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç bir topar öz üstüne almady.

Soňky aýlarda Harkiw we hökümetiň kontrollygyndaky Odesa şäherinde birnäçe bomba partlamalary boldy.

Hüjümleriň aglabasynda gündogar Ukrainadaky Russiýa tarapdary separatistlere garşy göreşýän ukrain esgerleri bilen aragatnaşykdaky guramalar nyşana alynýan ýaly bolup görünýär.

XS
SM
MD
LG