Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Sekiz serhet gullukçysy öldi


Eýranyň metbugat serişdeleri ýurduň durnuksyz günorta-gündogar sebitinde, ýagny Pakistan bilen araçäginiň golaýynda ýaragly adamlaryň sekiz serhet gullukçysyny öldürendigini habar berýärler.

Eýranyň ýarym resmi “Fars” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, bu hüjüm 6-njy aprelde durnuksyz Sistan-Balujystan welaýatynda boldy.

Maglumatda öldürilen dört harbynyň çagyryş boýunça harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän esgerlerdigi bellenilýär.

Sistan-Balujystan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Ali Asgar Mirşekari resmi “IRNA” habar gullugyna beren maglumatynda, “terrorçylar” Negur etrabyna eden hüjüminiň yzýany, Pakistana yzyna gaçdylar diýdi.

Eýranyň bu welaýatynda sünni musulmanlaryň giň jemgyýeti ýaşaýar we bu welaýatda söweşijiler tarapyndan Eýranyň howpsuzlyk güýçlerine ýygy-ýygydan hüjüm edilýär.

XS
SM
MD
LG