Sepleriň elýeterliligi

Astana: Jaý eýeleri protest geçirdi


Gazagystanyň birnäçe regionyndan onlarça jaý eýesi 7-nji aprelde gazak paýtagty Astanada demonstrasiýa geçirdi. Olar prezident Nursultan Nazarbaýewden tölegleriň birden ýokary galmagy sebäpli ipoteka alnan jaýlar meselesine gaýtadan garalmagy üçin edýän tagallalaryny goldamagy soradylar.

Gazagystanda jaýlaryny ipoteka alan jaý eýeleriniň aglabasy ýurtda gazak teňňesiniň hümmetiniň pese gaçmagy netijesinde öz kreditlerini töläp bilmeýändigini aýdýarlar. Gazak pul birligi teňňäniň hümmeti 2014-nji ýylyň fewral aýyndan bäri 20% pese gaçdy.

Demonstrantlar ýurtda 26-njy aprelde geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda gaýtadan saýlanjak ýaly bolup görünýän gazak prezidenti Nazarbaýewden öz saýlaw kampaniýasynyň bir bölegi hökmünde meseläni çözmäge çagyryş edýärler.

Ipoteka alan adamlaryň toparynyň lideri Esenbek Okşebaýew Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, “adatdan daşary ýagdaýlar” sebäpli hökümet biziň banklara bermeli karzymyzy tölemäge kömek etmelidir diýdi.

XS
SM
MD
LG