Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň prezidenti Eýrana bardy


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan ýokary derejeli gepleşikleriň ençemesini geçirmek üçin Eýrana bardy.

Bu sapar Ýemendäki şaýy Huti pitneçilerine garşy Saud Arabystanynyň liderligindäki harby operasiýalar sebäpli ýakynda Eýran bilen Türkiýäniň arasynda bolan dartgylylyga garamazdan amala aşyrylýar.

Erdogan Eýran tarapyndan goldanylýan Ýemendäki Hutilere garşy amala aşyrylýan howa zarbalaryny giňden goldapdy we Tährany “regiona agalyk etmäge” synanyşmakda aýyplapdy.

Eýran Ýemendäki pitneçilere harby ýardam edýändigi baradaky maglumatlary ret edýär.

XS
SM
MD
LG