Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Şübheli gonamçylykda gazuw işleri başlady


Yragyň sud medisina bilermenleriniň topary Tikrit şäherinde “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri tarapyndan öldürilen 1700 çemesi esgeriň jesediniň ýerleşýändigine ynanylýan 12 şübheli gonamçylykda gazuw işlerine başlady.

Bu gazuw işleri, Yrakda şaýy ýarymharbylary tarapyndan goldanylýan hökümet howpsuzlyk güýçleri birnäçe aý dowam eden gabawyň yzýany söweşijileri Tikrit şäherinden çykarandan soň başlady.

Gonamçylyklaryň käbirleri Yragyň öňki diktatory Saddam Husseýiniň prezidentlik edarasynyň golaýynda ýerleşýär. Jesetler mazardan çykarylandan soň, olaryň şahsyýetini anyklamak üçin DNK testleri geçiriler.

Geçen ýylyň iýun aýynda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri Yragyň demirgazygyny basyp alan mahaly, Birleşen Ştatlaryň öňki armiýa bazasy – Şpaýher lagerinden aglabasy şaýylardan ybarat ençeme esger öldürilipdi.

XS
SM
MD
LG