Sepleriň elýeterliligi

15-nji aprelde UNESCO-nyň döredileniniň 70 ýyllygy we türk dünýäsiniň eposy “Gorkut ata” kitabynyň ilkinji gezek çapdan çykan sanynyň 200 ýyllygy mynasybetli gürrüňi gidýän guramanyň baş ştabynda “Gorkut mirasy we türk dünýäsi” atly çäre geçirilýär.

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäheriniň Medeniýet we turizm departamentiniň berýän maglumatyna görä, bu çäre Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň UNESCO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan Halkara Türk akademiýasynyň goldawy esasynda geçirilýär.

Tanymal edebiýatçylaryň we syýasy resmileriň gatnaşmagynda geçiriljek çärede “Gorkut ata” dessany, onuň esasy aýratynlyklary we çap edilen wagty barada Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň alymlarynyň we gorkutşynaslarynyň ylmy işleri diňlener.

Bu çäräniň ahyrynda geçiriljek konsert dabarasynda Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň sungat işgärleri çykyş ederler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG